Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada ministr sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy diýip, Report habar berdi.

Ykdysadyýet ministri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň syýasy erkiniň we gatnaşyklaryň ösmegine goşýan goşandynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy hereketlendiriji güýçdigini aýtdy.

M.Jabbarow: Türkmenistana iş saparymyzyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdyk we ähli ugurlardaky gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirdik diýip ýazdy.

Mundan başga-da, Türkmenistana eden saparynyň çäginde Mikail Jabbarow ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň egindeş başlygy B.Atdaýew bilen bilelikde Agro-Pak Türkmenistan-2023 halkara sergisine gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergi geçiriler
Agro-Pak Türkmenistan — 2023 atly halkara sergi guralar
Azerbaýjan wekiliýeti Agro-Pak Türkmenistan — 2023 atly halkara sergi bilen tanyşdylar
Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň ýygnagy geçirildi