Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi.Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan binalaryň şekil taslamasy, “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhananyň baş meýilnamasy hem-de seýilgähiň, söwda dynç alyş merkeziniň we ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow seýilgähiň taslamasy barada hasabat berdi.Bu taslamada meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetiriler.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew gurluşygy alnyp barylýan Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülýändigi aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygynda hil babatda halkara ölçeglerine bildirilýän ähli talaplaryň ýerine ýetirilmelidigini, şol sanda onuň içki we bezeg işlerinde milli aýratynlyklaryň öz beýanyny tapmalydygyny, alyjylar hem-de dynç almaga geljekler üçin hemme amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasyny synlady.Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň otaglarynyň birine baryp gördi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew myhmanlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli desgalaryň daşky we içki bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.Munuň özi daşary ýurtly myhmanlara mähriban halkymyzyň baý we özboluşly däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döreder. Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün edilmelidir, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Aşgabat boýunça iş saparyny dowam edip, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluna tarap ugrady.Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.Döwlet Baştutanymyz taslama durmuşa geçirilende bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady.

Baş talap Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýolunda amala aşyrylýan işleriň hil derejesine, halkara ölçeglerine kybap gelmegini yzygiderli üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleriň adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.01.2021 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Soltan restoranlar zynjyry myhmanlary Berkarar SDAM-da garşy almaga şatdyr
16.03.2018 | “Beýik-Bina” hususy kärhanasy Aşgabatda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerini gurar
Türkmenistanyň Senagatçylar birleşigi $3 milliard dollar möçberinde döwlet kreditini aldy
07.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy