Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

6-njy oktýabr — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janlaryny pida etdiler.

Şol gün ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi Ruhy tagzym, Milletiň ogullary, Baky şöhrat ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyralady. Hatyralamak däbi halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimiz, Gökdepe galasynyň edermen goragçylary, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary hatyralandy.

Hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin Ruhy tagzym ýadygärligine we faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen Milletiň ogullary we Baky şöhrat ýadygärliklerine gül çemenini goýdy.

Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar — weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar.Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr.

Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň mekdebidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar. Sanlyja wagtyň içinde gül desseleri ýadygärlikleriň öňüni örtdi.

Hatyralamak çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy, sadakalar berildi.

Ýene degişli makalalar

"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
HALKYŇ PARAHAT DURMUŞYNYŇ GORAGÇYLARYNA BAKY ŞÖHRAT!
Gawanadaky myhmanhananyň partlamasynda 32 adam heläk boldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi