Ýaşyl energetika bagyşlanan makala bäsleşiginiň jemi jemlendi

Ýaşyl energetika bagyşlanan makala bäsleşiginiň jemi jemlendi

23-nji ýanwarda Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmengaz döwlet konserni, Nebit-Gaz gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we Ussatnews elektron gazeti tarapyndan guralan Ýaşyl energiýa ýagty geljek atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

2025-nji ýylyň maý aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde badalga alan bu bäsleşik jemgyýetiň häzirki zaman energetika çözgütleri baradaky habardarlygy ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň ekologiýa, energiýa tygşytlylygy we howa syýasaty babatdaky milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurtda ýaşyl taslamalary durmuşa geçirmäge degişli makalalary hödürlediler.

Bäsleşige Türkmenistanyň dürli sebitlerinden onlarça iş gelip gowuşdy. Awtorlar serişdeleri netijeli ulanmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly wajyp meseleleri gozgadylar.

Iň gowy makalalar Nebit-Gaz gazetinde, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com saýtlarynda çap edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

I orun: Ahmet Geldiýew (Watan gazetiniň bölüm redaktory); Sapargylyç Durdygylyjow (Türkmengaz DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghana müdiri); Mämmet Mämmedow (Nebit-gaz gazetiniň bölüm müdiri).

II orun: Nurmuhammet Allanazarow (Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri); Ýagmyr Ataýew (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak müdiriýetiniň baş hünärmeni); Muhammetnur Ýazgeldiýew (Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby).

III orun: Kerimmuhammet Muhammetorazow (Bilim ministrliginiň hünärmeni); Annajemal Amangylyjowa (Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy); Nabat Wepaýewa (Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni).

Birinji orny eýelänlere Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň DIM-i tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde Ýewropa ýurtlaryna okuw saparyna gatnaşmak üçin sertifikatlar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlaryň eýeleri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

GIZ-iň Ýaşyl Merkezi Aziýa maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow bäsleşigiň ýaşlaryň we hünärmenleriň durnukly energetika meselelerine bolan gyzyklanmasyny görkezendigini belledi.

Okyjylaryň we saýta gelýänleriň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, guramaçylar geljekde hem şeýle bäsleşigiň täzeden yglan ediljekdigini habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen adam atlary: Täze meýiller we köne tejribeler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
27.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany