27.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň PermanyTürkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, ilatyň durmuşynyň ýokary hilini gazanmaga gönükdirilen ykdysady ösüşiň milli strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hemişe hormat-sylaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, senagat pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň örän netijeli işlemegini üpjün etmekde, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda we önümçilige ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň Ahal tikinçilik birleşiginiň tikinçisi Gyzylgül Halmyradowna Hakyýewany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Duşak şäherçesindäki Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky tikin-trikotaž fabriginiň tikinçisi Annajemal Durdymyradowna Orazmyradowany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz Serdar pagta egriji fabriginiň operatory Žumanazar Rozumbaýewiç Kurambaýewi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz Çeper tikin fabriginiň tikinçisi Zeýna Sisenowna Tawbaýewany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Tagtabazar pagta egirme fabriginiň önümçilik önümhanasynyň işçisi Allaguly Işangulyýewiç Meredowy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň ýüň sortlaýjy bölüminiň işçisi Enejan Baýlyýewany; Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly: Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň alyp baryjy modelýer-konstruktory Lýudmila Petrowna Rodionowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýüpek fabriginiň pile saýlaýjy önümhanasynyň sortlaýjysy Doýdyk Saryýewna Halmyradowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat Ýüpek önümçilik birleşiginiň reňkleýji-bezeýji önümçiliginiň himiki garyndylary düzüjisi Zakirjan Döwranowa, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Nurjemal Hudaýberdiýewna Berdiýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýmaral Hojamuhammedowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljahan Annaýewna Babaýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Maral Taganbaýewna Otuzowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň halyçysy Altyn Ýakupowna Çäşemowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Suraý Ybatowna Gurbanseýidowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Gyzylgül Gurbangeldiýewna Abraýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Rahmanowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge haly önümhanasynyň halyçysy Hallygözel Çaryýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Ýolöten haly önümhanasynyň halyçysy Aknabat Agajumaýewna Jummanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 25-nji maýy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary