Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Leonardo S.p.A. italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Leonardo S.p.A.

kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan Leonardo S.p.A. kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Leonardo S.p.A. kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEONARDO S.p.A. KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Paýhaslar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar