Hormatly Prezidentimiz Mihal Mlynary kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Mihal Mlynary kabul etdi

Düýn 16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

“UN-Habitat” maksatnamasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-niň ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda suw hojalygy boýunça sebit maslahaty geçirildi
Baş Assambleýanyň mejlisiniň resminamasy: Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary neşir edildi