Aşgabatda suw hojalygy boýunça sebit maslahaty geçirildi

Aşgabatda suw hojalygy boýunça sebit maslahaty geçirildi

Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynda 30-njy aprelde Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk pudaklarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halkara we ylmy-barlag guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu ulgamda ulanylýan tehnologiýalary nazara almak bilen, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda tejribe almak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň Merkezi Aziýa üçin suw ulgamynda halkara meýilnamalaryny amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Şeýle-de milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine uly ähmiýet bermäge, bu möhüm ugurda köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmeleriň taýýardygy beýan edildi.

Günüň ikinji ýarymynda utgaşykly görnüşde Amyderýa sebitinde çözgütleriň kabul edilmegini goldamak boýunça 3-nji sebit duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň çäklerinde, şu gün — 1-nji maýda Sebit utgaşdyryjy komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler. Oňa gatnaşyjylar gazanylan netijeleri seljererler, şeýle hem sebit we ýurt derejesinde taslamany durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Daşary ýurtly we türkmen hünärmenleriniň bilim hem-de ylym ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça çykyşlaryna garaşylýar.

Şeýle hem Garagum derýasynda suwy hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu ulgam programma üpjünçiliginiň we iň täze enjamlaryň binýadynda ornaşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Garagum derýasynda suw serişdelerini ölçeýän ulgam işe girizildi
USAID Türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady
Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “UzFood 2024” halkara sergisinde tanyşdyrdylar
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy senesi ÝUNESKO-ň şanly seneleriniň hataryna girizildi
COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi