Garagum derýasynda suw serişdelerini ölçeýän ulgam işe girizildi

Garagum derýasynda suw serişdelerini ölçeýän ulgam işe girizildi

Garagum derýasynyň kenarynda suw akymyny ölçemek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam işe girizildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugy (USAID) tarapyndan geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Atyn asyr habar berýär.

Çäre Bosfor ýaşlar merkezi tarapyndan Garagumderýasuwhojalyk birleşigi bilen guruldy.

Bu taslama oba hojalygy, agyz suwy we senagat üçin suw paýlanyşyny has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Maglumatlar bu ulgamyň programma üpjünçiliginde ýazga alnar we hakyky wagtda elýeterli bolar.

Alnan maglumatlaryň kömegi bilen, daýhanlar tarapyndan sarp edilýän suw barada doly maglumat alnar we hasylyň amatly ösmegi üçin, zerur mukdardaky suwy hasaplap bolar. Beýleki suw ulanyjylary bolsa has durnukly we täsirli suw üpjünçiliginden peýdalanarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Türkiýe Global Saglyk Bazaryndan 10 Milliard Dollarlyk Paý Almagy Meýilleşdirýär
Stambuldaky Gazuv-Agtaryş Işleri
Afiny bilen Stambuly gar basdy
Türkiýe Bogazlaryny Harby Gämi Gatnawyna Ýapdy
Russiýa degişli suwasty gämi Bosfor bogazyndan geçdi