ABŞ-nyň deňiz flodyna degişli kenarýaka howpsyzlyk “USCGC Hamilton” gämisi Bosfor bogazyndan geçdi.
Uzynlygy 127 metr, ini 43 metr bolan kenarýaka howpsyzlyk gämisi düýn agşamara Mermer deňizinden Bosfor bogazyna girdi.
“USCGC Hamilton” gämisi bogazdan geçýärkä türk kenarýaka howpsyzlyk gämileri hem ýoldaşlyk etdi.
Bosfor bogazyndan geçen “USCGC Hamilton” gämisi Garadeňize tarap barýar.
