Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Düýn paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. “Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine gelýär.Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri garşylaýarlar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Döredijilik toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar.Sazly-horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri janlandyryldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, “Türkmenbaşy” bankynyň merkezi girelgesine barýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär — dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesýär, şol pursat asmana howa şarlary uçurylýar.Döwlet Baştutanymyz bankyň täze binasy bilen tanşyp başlaýar.

Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.Ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olara berilýän wajyp wezipe bilen şertlenendir — şol wezipeler halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply we täzeçil bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bankyň işgärleriniň adyndan ulgamy ösdürmek, onuň hünärmenleriniň netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.Artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan sazlar we joşgunly aýdymlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, “Senagat” bankynyň merkezi girelgesine gelýär hem-de dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we ýurdumyzyň iri täjirçilik bankynyň işinde täze sahypany açýar.

Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek, edara-kärhanalara hem-de raýatlara hödürlenilýän bank hyzmatlaryny giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada maglumat berip, bankyň resmi saýty arkaly onlaýn ýüz tutma hyzmaty barada jikme-jik gürrüň berdi. Şunda ol resmi www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly karz almak işiniň tutuş tapgyryny beýan etdi.

Internet söwdasy bankyň täze hyzmatlarynyň biridir.Elektron söwda hyzmaty Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär.Elektron söwda hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň işi bilen tanyşmagyny tamamlap, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we olary artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň göterýän adyna laýyklykda, halk hojalygynyň senagat ugurly ähli pudaklaryna hyzmat etmegi bilen bagly meseläni öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.Senagat ähli ugurlarda — gurluşykda hem, ulaglarda hem, beýleki ulgamlarda hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçiriljek işleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala aşyrmaga hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Döwlet Baştutanymyz bankyň işgärlerini täze jaý toýy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara işde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ulgamy ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Fransuz işewürleri Aşgabada sapar bilen geldi
“Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi