Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi

Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi

15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Täze binalar Çandybil şaýolunyň ugrunda guruldy. Bu täsin desgalary gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur Bouygues Batiment International fransuz kompaniýasyna ynanyldy.

Bu desgalaryň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy landşaft bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär.

Ýene degişli makalalar

Fransuz işewürleri Aşgabada sapar bilen geldi
“Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi