Hormatly Prezidentimiz Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi

28-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň ulag kerweni motosiklçiler hormatly eskortynyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, ýörite bellenen ýere geçdiler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Şol pursatda Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni hormatly atly nyzamyň ugratmagynda Oguz han adyndaky Köşkler toplumyna tarap ugrady.

Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi boldy. Soňra milli Liderimiz gyrgyz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen zala çagyrdy. Bu ýerde ikiçäk görnüşdäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Ýene degişli makalalar

'Ýerden ýokarda, uçup ýöreýänler' näme üçin halanmaýar?
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy