Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi alnyp barylýar.

Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar.Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň gowaça ekişiniň ýetip gelendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlanjak bu möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi