Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.

...Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar.

Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşýanlaryň kerweniniň başyny çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzy bilen hemmeler paýtagtymyzyň giň şaýollaryndan geçýän ugur boýunça sazlaşykly herekete başladylar.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy we onuň döredijilikli syýasatyny, parahatçylygyň, dostlugyň nyşany hökmünde sporty wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlar çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar