Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi

9-njy oktýabrda “Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy” atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleriniň geçirilmegine badalga berildi. Bu çäre “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guralýar.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped” binasynyň ýanyna welosipedli ýaşlaryň köp sanlysy ýygnandy. Olaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleridir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar. Bu ýerde sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Çärä gatnaşyjylar “Welosiped” binasynyň ýanyndan Bekrewe köçesiniň ugry bilen ýörişe başladylar. Bellenilen pellehana 5 müň 700 metrden ybarat bolan “Ylym” binasyna çenli aralyk boldy.

Köpçülikleýin estafeta ylgaw ýaryşy

Düýn paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda köpçülikleýin estafeta ylgaw ýaryşy hem geçirildi.Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleriniň hatarynda guralan bu ýaryşa Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri 200 metr aralygy 5 tapgyr boýunça, jemi 1 müň metr geçmek ugrunda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 250 metr aralygy 10 tapgyr boýunça, jemi 2 müň 500 metr ylgap geçmek ugrunda bäsleşdiler.

Kross ylgaw ýaryşy

Çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň açyk futbol meýdançasynyň ýeňil atletika ýodasynda köpçülikleýin kross ylgaw ýaryşy hem geçirildi. Ýaryşda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri 400 metr, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 800 metr, Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 500 metr aralyga ylgamak boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýle köpçülikleýin welosipedli ýörişler, estafeta we kross ylgaw ýaryşlary ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sport mekdepleriniň ýaş türgenleriniň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, edara-kärhanalaryňdyr guramalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

2020- -nji ýylyň modelleri taýýar
Krossuň taryhy çempionlygy
Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Lukman ýeralmanyň peýdalydygyny düşündirdi
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi