Hormatly Prezidentimiz täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerden sanly ulgam arkaly Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler.

Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň gurluşygyna hem-de hereket edýän elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna badalga berdi.

Soňra dabaralar Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berdi we ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýdy.

Soňra Arkadagly Serdarymyz kuwwaty 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi.Döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi we ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkymyzyň nesilden nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi.

Bu ýerde dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň General Electric kompaniýasynyň tebigy mawy ýangyçda işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistan Pakistana elektrik energiýasyny ugradyp başlar
Türkmenistanyň Prezidenti 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi
Türkmenistanyň Prezidenti täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy