Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy

Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy

Ozal habar berşimiz ýaly, 5 — 7nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistan — ABŞ Işewürlik Geňeşiniň ýyllyk iş maslahaty geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew hem gatnaşyp, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna degişli maglumatlary paýlaşdy. Bu barada TASS habar berdi.

B.Atdaýewiň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň kompaniýalarynyň Türkmenistana goýan maýa goýumlary 3,3 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky, umumy bahasy 3,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan 180 sany taslama hasaba alyndy. Ol taslamalaryň iň irileri Boeing, General Electric, John Deere we beýleki kompaniýalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýar diýip, B.Atdaýew belledi.

Mundan başga-da, wise-premýer Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyna ünsi çekdi.

B.Atdaýewiň bellemegine görä, 2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 38,7 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, bu görkeziji 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda iki essä golaý ýokarlanyp, 65,12 million amerikan dollaryna ýetdi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, esasan, nebitgaz toplumynyň we himiýa senagatynyň önümleri eksport edilýär.Importyň esasy bölegini bolsa dürli görnüşli enjamlar we mehanizmler, gaýtadan işlenilen metal önümleri, ulag serişdeleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, şeýle-de iýmit önümleri eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda $3,3 milliardlyk 180 taslamany amala aşyrýarlar
Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
Aşgabatda geçiriljek sergä 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar
Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň ýygnagy geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy