Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar

2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär.Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistana Prezidenti Özbegistana iş sapary bilen barar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş sapary bilen barar