Türkmenistana Prezidenti Özbegistana iş sapary bilen barar

Türkmenistana Prezidenti Özbegistana iş sapary bilen barar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen ýakyn günlerde Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrar. YHG-niň bu nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow öňde boljak bu iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär.Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi.Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama — Hereketleriň Aşgabat Konsensusy kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa türkmen wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş sapary bilen barar
Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri