HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HAT

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HAT

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlamak bilen, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!Rehimdarlyk, duýgudaşlyk, özara goldaw bermek ýörelgelerini alamatlandyrýan bu röwşen baýram millionlarça musulman üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Ol jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň, parahatçylygyň, özara ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.Gurban baýramy asyrlaryň dowamynda adamzady ýagşy işlere, ýakynlarymyz barada hemişe alada etmäge, ruhy ýörelgeleriň goralyp saklanylmagyna, halklaryň arasynda özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga ruhlandyrýar.

Bu baýramçylyk günlerinde Size we ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

Ýene degişli makalalar

Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady