HOŞ GELDIŇ NOWRUZYM BAGTYÝAR ILE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Hoş geldiň Nowruzym bagtyýar ile ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri gadymy Nowruz baýramydygy, bu baýramyň gelmegi bilen tebigat janlanýandygy, adamyň ruhy dünýäsini galkyndyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramy-ýaşaýşyň, döredijiligiň, durmuşyň, gözelligiň, hem-de şatlygyň, ata-babalarymyzyň, asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy - bedew atlar dillerimiziň senasy
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
HJ: Annasoltan Kekilowanyň janköýerleri onuň işiniň ýaşaýandygyny aýdýarlar
Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy atly aýdym-sazly dabara geçirildi