Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk

Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk

9-njy martda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi.Dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi bilen bir hatarda, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlary azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleri hökmünde nygtaldy.

Howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri ikitaraplaýyn häsiýete eýedir.Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi hem-de ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezi bu wezipäni çözmekde netijeli gural bolup biler.Bu merkez BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi