Howanyň Üýtgemegine Garşy Gyssagly Iş Meýilnamasy Düzülmeli

Howanyň Üýtgemegine Garşy Gyssagly Iş Meýilnamasy Düzülmeli

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus “iň yssy” iýul aýyndan soň howanyň üýtgeme boýunça gyssagly bilelikdäki iş meýilnamasynyň düzülmelidigini beýan etdi.

Gebreýesus Twitterden beren habarnamasynda “iň yssy” iýul aýynyň yzda galandygyny we bu aýda aşa yssy günlerde aşa howa ýagdaýlarynyň, tokaý ýangynlarynyň we şolar sebäpli agyr hassalyklaryň başdan gçeirilendigini beýan etdi.

“Bu ýagdaý, howanyň üýtgemegi boýunça bilelikdäki gyssagly iş meýilnamasynyň zerurlygyny aç-açan görkezýär” diýen Gebreýesus, howa ýagdaýlary bilen bagly batyrgaý başlangyçlaryň edilmelidigini nygtady.

Gebreýesus; “Bilelikde, birsydyrgyn çözgütlere bolan gyzyklanmany artdyry, geljek nesiller üçin salkyn, amatly dünýä döredip bileris” diýdi.

ÝB-niň Howanyň üýtgemegi boýunça “Kopernik” gullugy we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň 27-nji iýulda beren bilelikdäki beýannamasynda iýul aýynyň ilkinji 3 hepdesiniň şu günki güne çenli bolan “iň yssy 3 hepdelik döwür” bolandygy habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB Russiýa Garşy Sanksiýa Bukjasyny Tassyklady
ABŞ, Husilere Garşy Hüjüm Gurady
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Gebreýesus Global Pandemiýalara Garşy Göreş Boýunça Möhüm Beýannama Berdi
Azerbaýjan, Ermenistanyň Pozisiýalaryna Garşy Operasiýa Geçirdi
ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Nigeriýada 88,4 Million Adam Ýoksullyga Garşy Göreşýär