Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy

Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy

Hytaýyň Huawei Technologies Co. kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň girdejisi 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde 170,6 mlrd ýuan ($25,5 mlrd) boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 1,4% köpdür diýip, CNBC Huawei-niň ýarymýyllyk hasabatynyň maglumatlary boýunça hasaplady. Bu barada interfax.ru belleýär.

Birinji çärýekde kompaniýanyň girdejisi tas 14% azaldy.Görkeziji ABŞ-nyň sanksiýalary netijesinde 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginden bäri yzygiderli peselýärdi. 2021-nji ýylda Huawei-niň ýyllyk girdejisi 28,5% azalyp, kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek otrisatel ösüşi görkezdi. Ýanwar iýun aýlarynda kompaniýa 301,6 mlrd ýuan möçberinde girdeji aldy, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 5,9% azdyr.

Arassa girdeji tapawudy 5% boldy.Bulut we B2B hyzmatlary segmentinde girdeji hasabat ýarymýyllygynda 28% ýokarlanyp, 54,7 mlrd ýuana ýetdi.Telekommunikasion infrastruktura segmentinde görkeziji 4% ýokarlanyp, 142,7 mlrd ýuan boldy.

Smartfon satýan bölümçäniň girdejisi 25% azalyp, 101,2 mlrd ýuan boldy. Ýarymýyllyk netijeler kompaniýanyň çaklamalary bilen gabat geldi diýip, Huawei metbugat relizinde belledi.

Ýene degişli makalalar

Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmentel-2023 halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy