Hünärim bar — hormatym bar diýen at bilen guralan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilýär

Hünärim bar — hormatym bar diýen at bilen guralan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk, Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary hem-de Türkmenhowaýollary agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli Hünärim bar — hormatym bar diýen at bilen gelin-gyzlaryň arasynda guralan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilýär.

Ak altyn myhmanhanasynyň Ak altyn restoranynda geçirilýän bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk, Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary hem-de Türkmenhowaýollary agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşýar.

Bäsleşigiň birinji tapgyry agentlikleriň hem-de degişli edara-kärhanalaryň derejesinde geçirildi. Agentlikleriň hem-de edara-kärhanalaryň bäsleşikleriniň ýeňijileri ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Jemleýji tapgyr tanyşlykdan (gulluk lybaslarynda 3 minutlyk çykyş), alyp barýan wezipelerini görkezmek boýunça çeper çykyşdan, milli el işlerini ýerine ýetirmekden, türkmen zenanlarynyň milli köýneklerini gadymy biçüwde, täzeçe öwüşginde, döwrebap keşde, basma, pugtama we ş.m. el işleri bilen bezelen nusgada şöhlelendirmekden hem-de milli şaý-seplerimizde moda görkezmekden ybarat bolar.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Amirabdullahian: Agentligiň soraglaryna jogap bermäge taýýar
Bir serişde mundan soň doping diýlip hasap edilmez
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär