Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

Indi Täjigistana geleniňde PZR-barlagynyň netijesini ýa-da COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasyny bermeli. Bu çäreler beýleki ýurtlarda kesel hadysasynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin epidemiýa garşy çäklendirmeleri güýçlendirmek boýunça respublikan ştaby tarapyndan girizildi diýip, Tajigistanyň Milli habarlar agentligi “Howar” ýazýar. Muny centralasia.media ýetirýär.

Agentlik iýul aýynyň başynda respublikanyň serhedinde gelýänleriň ählisiniň temperaturasynyň ölçenip başlanandygyny ýatlap geçýär.Kimiň temperaturasy ýokary bolsa, oňa PZR-barlagyndan geçmek tabşyrylypdy.Täjigistanyň Saglygy goraýyş we sosial gorag ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri COVID-19 bilen kesellän ýekeje-de adam hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde ýerli ýaşaýjylaryň, takmynan, 90%-i ýokanja garşy sanjym aldy.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Amirabdullahian: Agentligiň soraglaryna jogap bermäge taýýar
Bir serişde mundan soň doping diýlip hasap edilmez
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Täze galaktika surata düşürildi
Bu gezek Ýupiteri surata düşürdi