Hukuk goraýjylar tussaglykdaky aktiwiste “Zähmet hukuklarynyň goragçysy” sylagyny berdiler

Zähmet hukuklary boýunça halkara forumy (International Labor Rights Forum) türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýewe “pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly problemalary açyp görkezendigi üçin” “Zähmet hukuklarynyň goragçysy” sylagyny berdi diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.

Gaspar Matalaýew Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylyşy barada habar berip başlanyndan soň türkmen häkimiýetleri tarapyndan üç ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ýatladýarys, çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, tanymal brendleriň ençemesi, şol sanda IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara we beýlekiler Türkmenistan bilen işleşmekden ýüz öwürdi.

Adidas, Columbia Sportswear, Designworks, Gap Inc., H&M, Marks & Spencer, Nike, Rowlinson Knitwear, Royal Bermuda, Sears Holdings, Varner Retail we VF Corporation hem Türkmenistandan gelen pagtany ulanmazlyk hakynda (Turkmen Cotton Pledge) öz üstlerine borçnama aldylar.

Belleýäris, 28-nji maýda Türkmenistanda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konferensiýa geçirildi.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň wekilleri onuň ideallaryny we gymmatlyklaryny paýlaşmak bilen, ýurtda HZG bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklamak kursuna eýerilýändigini ynandyrdylar hem-de öz çykyşlaryny Türkmenistanyň hemmeler üçin mynasyp zähmet we sosial adalatlylyk şeretleriniň döretmek baradaky syýasatyna bagyşladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär
Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
TÜRKMENISTAN WE HALKARA ZÄHMET GURAMASY ÖZARA GATNAŞYKLARY GÜÝÇLENDIRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
BMG 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde zähmet bazaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar