Hulusi Akar güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Hulusi Akar güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, TBMM-de güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Galla geçelgesi ylalaşygyň möhlediniň ýene-de 120 gün uzadylmagy bilen bagly Russiýa we Ukraina bilen gepleşikleriň başladylandygyny aýdan Hulusi Akar, ministrler derejesinde gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.

Hulusi Akar: "Düýnki güne çenli köp sanda gämi galla we beýleki azyk önümlerini daşamak boýunça işler amala aşyrdy. 24 million tonnadan gowrak mukdar barada aýdýarys. Hem sebitiň hem-de dünýäniň parahatçylygyna we bahalara uly goşandy boldy. Dowam etmegi hakykatdan hem möhüm. 2 aýyň deregine 120 gün bolmagy babatynda gepleşiklerimizi dowam etdirýäris" diýip habar berdi.

Russiýa we Ukraina tarapynyň meseläni seljerip kararlaryny berjekdiklerini aýdan Hulusi Akar: "BMG hem biziň bilen şol bir garaýyşa eýedir. Nesip bolsa öňümizdäki günlerde meseläni oňyn ýagdaýda çözeris" diýip nygtady.

ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy bilen rus harby uçarlarynyň Gara deňiziň üstünde çakyşmagy we ondan soň ýere gaçmagy bilen bagly soraga Hulusi Akar: "Hadysalara, söhbetdeşimiz amerikalylar bilen gepleşikler geçirmek arkaly makul we logiki taýdan çözmek ugrunda tagalla edýäris. Waka ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär