Husiler Ysraýylyň Somalilantdaky harby merkezlerini nyşana aljakdygyny yglan etdi

Husiler Ysraýylyň Somalilantdaky harby merkezlerini nyşana aljakdygyny yglan etdi

Husileriň lideri Ysraýylyň Somalilandy ykrar etmek baradaky kararyny ýazgardy we Ysraýylyň Somalilantdaky harby merkezlerini nyşana aljakdygy dogrusynda duýduryş berdi.

Toparyň lideri Abdul Malik al Husi ýekşenbe güni beren beýannamasynda, “Somalilantda Ysraýyla degişli haýsydyr bir merkezi ýaragly güýçlerimiz üçin harby nyşana hökmünde görýäris, sebäbi bu Somala we Ýemene garşy bolan tutum sebitiň howpsuzlyna abanýan uly howpdyr” diýdi.

Ysraýyl dünýäde Somalilandy garaşsyz döwlet hökmünde ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Türkiýäniň, Afrikanyň we Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň başda durmagyna birnäçe ýurt karary ýazgardy.

Somaliland 1991-nji ýylda Somaliden garaşsyzlygyny yglan etdi emma halkara derejesinde resmi taýdan ykrar edilmedi.

Somaliniň hökümeti Somalilandy garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmedi we sebiti territoriasynyň bitewi bölegi hökmünde görýär we Somaliland bilen baglaşyljak haýsydyr bir şertnamany ýada guraljak sapary ýurduň özygtyýarlygynyň we jebisliginiň basgylanmagy hökmünde görer.

Husiler Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy Ysraýyla degişli gämilere guraýan hüjümleri bilen ünsleri özüne çekýär.

10-njy oktýabrda gazanylan Gaza ylalaşygyndan bäri bolsa haýsydyr bir hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Afrika Bileleşiginiň Sionist režiminiň "Somaliland"-y ykrar etmek hereketine berk garşylygy