Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Ýemende, hem-de Somalide başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady we iki ýurduň durnuklylygynyň we territorial bitewiliginiň goralmagynyň möhümdigini belledi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Muhammed bin Salman özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýemende çaknyşýan taraplaryň gepleşik geçirmegi üçin edilýän tagallalara goşant goşmaga taýardygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini ýatlatdy.

Gazadaky gumanitar krizisiň gyş pasly bilen birlikde agyrlaşandygyny nygtan Erdogan, Türkiýäniň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy
Husiler Ysraýylyň Somalilantdaky harby merkezlerini nyşana aljakdygyny yglan etdi
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar