Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi

Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi

Ençeme aýa çeken arakesmeden soň, geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan çilim peýda bolup, ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda dawa-jenjel, hatda ýumruklaşma çenli baryp ýeten zorluk ýüze çykansoň, Türkmenabatda arzan çilimiň söwdasy ýene bes edildi.

Maryda çilim üçin döwlet dükanlarynyň öňünde tas müň adamlyk nobatlar emele geldi.Bular barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy 10-njy fewralda habar berdi.

“9-njy fewralda döwlet dükanlarynda arzan çilimiň satylmagyny ýene-de bes etdiler. Oňa adamlaryň arasynda dörän dawa-jenjel sebäp boldy” diýip, bir türkmenabatly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çilim nobatlarynda dawa-jenjel, uruş-sögüş ýüze çykdy, hatda nobata garaşýan adamlaryň arasynda “bir-birlerini itekläp, ellerini döwdüren adamlar hem bar”; şeýle-de, aýallara çilim satmak gadagan edildi, muňa adamlaryň arasynda ýüze çykan zorluk sebäp bolupdyr.

Käbir maglumatlara görä, çilim ýok däl, ýöne ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda ýüze çykan dawa-jenjel çilimiň söwdasynyň bes edilmegine getirdi.

Halaçda we Sakarda çilimiň nobatlarynda şikes alan adamlar barada habarlar bar. “Döwlet dükanlarynda çilimiň şenbe we ýekşenbe günleri gaýtadan satuwa çykaryljakdygy aýdylýar” diýip, beýleki bir türkmenabatly gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şu günler çilim geçen hepdäniň ahyryndaky ýaly köpçülikleýin satylmaýar we hususy dükanlarda çilimiň bahasy ýene-de ýokarlanyp başlady

Ikinji habarçy Mary welaýatynda çilim söwdasynyň ýagdaýy barada habar berýär.Onuň maglumatlaryna görä, 10-njy fewralda regionyň her döwlet dükanyna iki müň guty töweregi çilim paýlanypdyr.Adamlar çilimiň nobatyna bir gün öňünden giç agşam sagat 9-10 töwereklerinde durup başlaýar. Çilim nobatlaryna ýerli söwda işgärleri, polisiýa işgärleri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri hem-de Neşekeşlige garşy göreş gullugynyň işgärleri gözegçilik edýär.

Gözegçileriň sany satyjylary hem goşanyňda, 10 töweregi adam bolýar.

Bir döwlet dükanynyň öňünde “çilim nobatyna garaşýan adamlaryň sany 1000 adamdan geçýär, okuwçylara we aýal maşgalalara çilim satmak gadagan edilýär. Çilim nobata garaşýan adamlaryň ählisine ýetmedi, 100-e golaý adama çilim satyldy, galanlary eli boş gaýtdy.

Iki müň gutulyk çilimiň iki ýüz gutusy adamlara satyldy, ýagny halkyň az bölegine dadyryldy” diýip, çilim nobatyna garaşan bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy birnäçe maryly ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp, çilim söwdasynyň bes edilmegine garşylyk görkezen adamlara kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan haýbat atylandygyny, hem-de satylmadyk çilim gutularynyň çilim nobatyna gözegçilik edýän döwlet gullukçylarynyň arasynda paýlaşylandygyny habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, nobata gözegçilik eden toparyň agzalary halk üçin niýetlenip, döwlet dükanlaryna iberilen çilimi öz aralarynda paýlaşansoň, olary hususy telekeçilere gymmat bahadan satýarlar.

Azatlyk Rasdiosy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir polisiýa işgäri, bu “söwdadan” özleriniň 9 müň manat töwereklerinde girdeji gazanýandyklaryny, şondan özlerine 4 müň manat töweregi pul galýandygyny, galan serişdeleri bolsa dilden görkezme esasynda öz ýolbaşçylaryna geçirýändiklerini, ýolbaşçylaryň bolsa puly “teýden” häkimlige geçirýändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumat boýunça Mary welaýatynyň häkimliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlarynda bir guty çilim 50 manatdan satyldy.

Bellesek, döwlet dükanlarynda arzan çilim satuwa çykarylmazyndan ozal, şol bir markaly çilimler hususy dükanlarda 400 manadan bahalanýardy. Emma hepdäniň aýaklarynda olaryň nyrhy ilki 200 manada, soňra-da 100 manada çenli düşdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýärler. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Ýurtda çilim gytçylygynyň we gymmatlamagynyň ýiti duýlup başlanmagy bilen, adamlaryň mahorka temmäki ýa-da dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp çekip başlandyklary, dükanlarda “türkmen çilimi” atlandyrylýan ýasama temmäki önümleriniň hem peýda bolandygy barada köp sanly maglumatlar gowuşýar.

Ýatlatsak, soňky gezek arzan çilim döwlet dükanlarynda geçen ýylyň oktýabrynda peýda bolup, onuň söwdasy diňe üç gün dowam edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik
Eýranda Neşekeşleriň Bejergi Alýan Hassahanasynda Bolan Ýangynda 32 Adam Ýogaldy
Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy
Geldimyrat Haldurdyýew: Türkmenistan neşekeşlige garşy göreşini dowam etdirýär
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
01.07.2019 | Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi