Hytaý 2035-nji ýylda täze ykdysady öňdebaryjy ýurt bolup biler

Hytaý 2035-nji ýylda täze ykdysady öňdebaryjy ýurt bolup biler

2035-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýeti ABŞ-dan öňe saýlanar. Bu barada Hytaýyň Halk uniwersitetiniň ýanyndan Çunýan maliýe barlaglary institutynyň çap eden nutugynda aýdylýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Munuň üçin HHR-iň JIÖ-iň ösüşiniň ýyllyk depginini 5 göterim derejesinde birnäçe ýyl saklamagy ýa-da 2035-nji ýylda 4 göterimden ýokary saklamagy gerek diýlip, nutukda bellenýär.

Ylmy-barlaglar Hindistandan, Kanadadan, Hytaýdan, Russiýadan we ABŞ-dan alymlar topary tarapyndan geçirildi, onda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ABŞ-nyň ykdysadyýetinden ozýandygy görkezilýär. Şol sanda ýuan halkara giňişliginde pugtalanýar, onuň halkara pul derejesi ýokarlanýar.

Ösýän ýurtlar geljekde ählumumy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolar, olaryň çalt ösmegi öňdäki onýyllykda dünýäniň Jemi içerki önümini iki esse artdyrar diýlip, Hytaýyň çylşyrymly göterimleri: Hytaýyň ýokary derejeli ösüşi we 2035-nji ýyl boýunça çaklama atly nutukda bellenýär.

2023-nji ýylda Hytaýyň JIÖ-i 5,2 göterim ösdi we 126 trln iýene (17,7 trln dollar) deň boldy, şol bir wagtda ABŞ-nyň JIÖ-i 2,5 göterim köpelip, 26,39 trln dollary düzdi.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
Hünärmenler dünýä ykdysadyýetiniň çalt dikelýändigini belleýärler
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy