Hytaý geçen çärýekde demir ýoluň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi

Hytaý geçen çärýekde demir ýoluň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi

Hytaý 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda demir ýol ugurlarynyň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi. Munuň tas 1,2 müň kilometre golaýy ýokary tizlikli demir ýol ugurlary bolup durýar diýip, ýurduň China State Railway Group edarasy habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Demirýol pudagyndaky esasy gaznalara maýa goýumlaryň möçberi 475 milliard ýuana (66,19 mlrd amerikan dollary) deň boldy.

Hytaýyň Ulaglar ministrliginiň maglumatlaryna görä, üstümizdäki ýylda ýurtda demir ýol ugurlarynyň 3,3 müň kilometrinden gowragyny gurmak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
BAE Türkmenistan bilen özara söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmakçy
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy
Halkara meridian maslahaty geçirilýär
Bernina Express meşhur otly syýahaty
Dünýäniň ilkinji metrosy açylýar