Hytaý kompaniýalarynyň 59-sy ABŞ-nyň gara sanawyna girdi

Hytaý kompaniýalarynyň 59-sy ABŞ-nyň gara sanawyna girdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, Ak tamyň pikiriçe, ABŞ-nyň howpsuzlygyna zeper ýetirýän hytaý kompaniýalarynyň 59-syna Waşingtonyň maýa goýmagyny gadagan edýän karara gol çekdi. Bu barada Interfaksyň maglumatlaryna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.

Gara sanawa hytaý kompaniýalarynyň 59-sy girdi.Olaryň hatarynda telekommunikasiýalar ulgamynda dünýäniň iri kompaniýalarynyň biri bolan Huawei Technologies Co., Ltd, mikroelektronika önümçiligi bilen meşgullanýan Semiconductor Manufacturing International Corporation (SMIC), awiatehnikalary öndüriji Aviation Industry Corporation of China (AVIC), China Mobile Communications Group Co., Ltd., China Telecommunications Corporation, China United Network Communications Group Co., Ltd. ýaly telekommunikasiýa kompaniýalary we China Railway Construction Corporation (CRCC) gurluşyk kompaniýasy hem-de beýlekiler bar.

Bu kararda onuň ABŞ-dan islendik adama şol kompaniýalaryň gymmatly kagyzlar biržasynda satylýan islendik satuwlaryna gatnaşmagy gadagan edýändigi aýdylýar.

Gara sanaw ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan hytaý kompaniýalaryna degişli kabul edilen çäreleriň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Sagatdaky tizligi
Turkmen-Afghan talks in the field of transport
“Railways” bilen bilet almak has hem aňsatlaşdyryldy
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Sanly ykdysadyýete 
tarap möhüm ädim