Hytaý kosmos bekedine kosmonawtlaryň üçünji toparyny iberdi

Hytaýyň Ýeriň orbitasynda gurýan kosmos bekedine üçünji gezek kosmonawtlar iberildi. Ýurduň adamly kosmos maksatnamasyny agentligi (CMSA) “Shenzhou 14” kosmos gämisi bilen Çen Dun, Lýu Ýan we Tsaý Sýuçže atly kosmonawtlaryň “Long March 2F” raketasy arkaly kosmosa uçurylandygyny mälim etdi.

Içerki Mongoliýa awtonom regionyndaky “Jiuquan” kosmodromyndan uçurylan kosmonawtlar “Tiengong” bekedinde 183 gün bolarlar.Kosmonawtlar 6 aýyň dowamynda stansiýa birikdiriljek iki laboratoriýanyň hem-de enjamlaryň oturdylmagyny amala aşyrarlar.Uçuşyň şowly tamamlanandygy, bellenen orbita barandygy, kosmonawtlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygy habar berildi.

Uçuşyň serkerdeligini ýerine ýetirýän 44 ýaşly Çen Dun mundan ozal 2016-njy ýylda kosmos bekediniň ikinji nusgasy bolan “Tiengong-2” kosmos laboratoriýasyna barypdy. Toparyň ikinji derejeli agzasy, ilkinji zenan hytaý kosmonawty, 44 ýaşly Liu mundan ozal 2012-nji ýylda “Shenzhou-9” missiýasynyň çäklerinde kosmos stansiýasynyň ilkinji nusgasy bolan “Tiengong-1” kosmos laboratoriýasyna guralan syýahata gatnaşypdy.

46 ýaşly Tsaý bolsa kosmos syýahatyna ilkinji gezek gatnaşýar.

Ýeri gelende bellesek, Hytaý Ýeriň orbitasynda “Tiengong” (“Asman köşgi”) atly kosmos bekedini gurdy. Kosmnawtlaryň galmagy üçin esasy bölekden, iki laboratoriýadan we birigip-aýrylyp bilýän kosmos teleskopyndan ybarat.

Hytaý bekediniň esasy bölegi geçen ýylyň 29-njy aprelinde uçurylypdy.Orbita üstünlikli ýerleşen bekede ilkinji ýük 2021-nji ýylyň maýynda iberilipdi. Şondan soňra bu bekediň gurluşygy kosmosda dowam etdi.

Ilkinji üç hytaý kosmonawty geçen ýylyň 17-nji iýunynda bekede iberilipdi.Olar 90 günläp, beketde bolup, dürli synaglary geçirdiler. Şeýle hem beket üçin gerekli enjamlary oturdylar.Kosmonawtlar 17-nji sentýabrda yzyna dolandylar. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda ýene-de üç kosmonawt iberilip, 180 günden soňra, şu ýylyň 16-njy aprelinde yzyna geldiler. Şu ýyl kosmos bekediniň iki sany laboratoriýasy hem iberiler.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Kosmos bekediniň gurluşygy dowam edýär
Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Aýyň ýüzüne gonmagy başardy
Hytaý Aýda baýdagyny dikdi
Ilkinji gezek uçurdy