Kosmos bekediniň gurluşygy dowam edýär

Hytaý “Tianzhou 4” atly ýük gämisini kosmosa iberdi.Bu gämi arkaly häzirki wagtda orbitada gurluşygy dowam edýän beket üçin gerekli enjamlar iberildi. Şeýle hem, geljekde kosmosa iberiljek kosmonawtlar üçin gerekli zatlar hem äkidildi. Ýurduň adamly kosmos syýahatlary agentligi (CMSA) kosmos gämisiniň “Long March 7 Y5” raketasy Haýnan adasyndaky kosmodromdan uçurylandygyny, jemi 6,2 tonna ýük äkidilendigini mälim etdi.

Hytaýyň özbaşdak gurýan “Tiengong” atly kosmos bekedi esasy moduldan, iki laboratoriýadan we birigip-aýrylyp bilýän kosmos teleskopyndan ybarat.Kosmos bekediniň ululygy Russiýanyň ozalky “Mir” stansiýasynyňky barabar.

Hytaý bekediniň esasy bölegi geçen ýylyň 29-njy aprelinde uçurylypdy.Orbita üstünlikli ýerleşen bekede ilkinji ýük 2021-nji ýylyň maýynda iberilipdi. Şondan soňra bu bekediň gurluşygy kosmosda dowam etdi.

Ilkinji üç hytaý kosmonawty 17-nji iýunda bekede iberildi.Olar 90 günläp, beketde bolup, dürli synaglary geçirdiler. Şeýle hem beket üçin gerekli enjamlary oturdylar.Kosmonawtlar 17-nji sentýabrda yzyna dolandylar. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda ýene-de üç kosmonawt iberilip, 180 günden soňra, şu ýylyň 16-njy aprelinde yzyna geldiler. Şu ýyl kosmos bekediniň iki sany laboratoriýasy hem iberiler.

Mergen Babaýew, S.A.Nyýazowa adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Hytaý kosmos bekedine kosmonawtlaryň üçünji toparyny iberdi
Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Aýyň ýüzüne gonmagy başardy
Hytaý Aýda baýdagyny dikdi
Ilkinji gezek uçurdy