Hytaý kosmos pudagyny ösdürýär

Hytaý Halk Respublikasy älem giňişliginde gurmagy meýilleşdirýän kosmos bekedi üçin 2021-nji ýylyň bahar paslynda orbita esasy modulyny ibermegi meýilleşdirýär. Hytaýyň Kosmos meýilnamasy agentliginiň baş inženeri Çou Sianping bekediň binýadyny esaslandyrjak modulyň we ony orbita çykarjak raketanyň taýýardygyny we olaryň ahyrky synaglarynyň amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Hytaý Halk Respublikasy 2022-nji ýyla çenli kosmos giňişliginde öz kosmos bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Bu kosmos bekedinde kosmos teleskopy hem-de laboratoriýa hem bolar. Bu kosmos bekediniň gurulmagy üçin älem giňişligine 11 gezek gidilip gelner.

Şeýle hem Hytaýyň kosmos meýilnamasy kosmos bekedi bilen çäkli däldir. Hytaý Aýdan getirilen daş we toprak nusgalaryny öwrenmek işini hem dowam etdirýär. Bu baradaky tejribelerini islendik ýurt bilen hem paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Hytaý ABŞ-dan hem-de ozalky Sowet Soýuzyndan soňra Aýdan nusga getiren üçünji ýurtdyr.

Ýazmyrat GELDIMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň talyby.

The post Hytaý kosmos pudagyny ösdürýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmen talyby Beýik Ýüpek ýolundaky halkara döredijilik we miras forumyna gatnaşdy
“Sinotrans” Hytaý bilen Gazagystany birikdirýän täze TIR ugruny işe girizdi
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady