Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň goşýan şahsy goşandyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Pekin we Sian şäherlerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary babatda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ägirt uly maksatnamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Obalaryň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Berdimuhamedow Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy
Wiýetnam Hytaýa 8 Milliard Dollarlyk Demir Ýolunyň Çekilmegi Hakyndaky Taslamany Tassyklady
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär