Obalaryň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş Sekretary Si Szinpin Hytaýyň döwrebaplaşdyrylmagyny öňe ilerletmek üçin oba ýerleriniň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy.Bu barada Si Szinpin ýurduň Hubeý welaýatynyň (Merkezi Hytaý) Sianning şäheriniň golaýyndaky gök ekerançylyk obasyna iş sapary wagtynda aýtdy. Ösüşiň iň möhüm meseledigini bellän Si Szinpin, oba ösüşine ilkinji nobatda, senagat arkaly gazanylmalydygyny aýtdy.

Oba hojalygy bilen meşgullanmak bolelin ýaşamaga sebäp bolup biler, sebäbi oba hojalygynda uly mümkinçilik bar diýip, Hytaýyň Başlygy belledi.Si Szinpin, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ähli derejedäki komitetleriniň we hökümetiň oba hojalygynyň maksatnamalaryna, obalaryň we daýhanlaryň zähmetine uly ähmiýet bermelidigini hem-de olaryň maddy binýadyny berkitmelidigini, hyzmatlary kämilleşdirmelidigini we halk üçin has gowy durmuş üpjün etmelidigini belledi.

Syy obasynda Si Szinpin garrylar üçin niýetlenen naharhana, lukmançylyk merkezine we partiýa agzalary we halk köpçüligi üçin niýetlenen durmuş taýdan hyzmat edýän merkeze baryp gördi. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e8277e10_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e8277e10_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi