Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa  Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

30-njy martda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasy geçirildi.Dabara Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weýdun, Şensi welaýatynyň Kommunistik partiýasynyň Sekretary Çžao Ide, Şensi welaýatynyň häkimi Çžao Gan, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Bakaýew, şeýle hem Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň ilçileri bilen birlikde, Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weýdun özüniň çykyşynda dabara gatnaşyjylary wagtlaýyn Sekretariatyň açylmagy bilen gutlady we HHR-nyň daşary işler ministriniň gutlag hatyny okady.

Şeýle hem ol Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hemişelik esasda hereket edýän Sekretariaty döretmek baradaky ylalaşyk geçen ýylyň maýynda Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Hytaý formatyna gatnaşyjy döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylypdy.

Öz gezeklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gutlag hatlaryny okadylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýüzlenmesinde Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri geljekki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurdygyny nazara almak bilen, türkmen tarapy formatyň çygryndaky özara gatnaşyklarymyzy giňeltmäge we berkitmäge saldamly goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Wagtlaýyn Sekretariatyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine U Insin bellendi we ol öz işini esaslandyryjy resminamalara gol çekilýänçä hem-de formatyň Baş sekretary bellenýänçä alyp barar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ilkinji Baş sekretar Hytaýyň wekili bolar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Sian şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Şensi welaýatynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Olaryň barşynda sebitara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýollaryny ara alnyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Hytaý sammitinde çykyş etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar
Türkmen habarçylary Hytaýda oba ýerleriniň gülläp-ösüşi bilen tanyşdylar