2026-njy ýylyň 2728-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa — Hytaý formatyna gatnaşyjy döwletleriň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.Formatyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdunyň çykyşy bilen açylan mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar köpugurly hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Taraplar 2025-nji ýyl boýunça bilelikdäki işleriň jemini jemläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa — Hytaý ikinji sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.Hususan-da, Formatyň ösüşiniň 20262030-njy ýyllar üçin uzak möhletleýin strategiýasynyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekiliýetler sebitara maýa goýum we söwda geňeşini döretmek baradaky konsepsiýanyň, täze ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ýaşyl ösüş boýunça meýilnamanyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem medeni-siwilizasiýa gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen Ýüpek ýolunyň medeni mirasy atly bitewi sanly portaly döretmek boýunça taslamanyň ylalaşylmagynda gazanylan ösüş bellenildi.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň bitewi nyşanynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlygyň çäklerinde Daşary işler ministrleriniň 7-nji duşuşygyny guramak bilen bagly meseleler, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen ministrlikleriň duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň ýokary hilli ösüş ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän beýleki bilelikdäki çäreleriň tertibi maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygy nygtalyp, ýurduň sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bu formatyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
