Wiýetnam Hytaýa 8 Milliard Dollarlyk Demir Ýolunyň Çekilmegi Hakyndaky Taslamany Tassyklady

Wiýetnam Hytaýa 8 Milliard Dollarlyk Demir Ýolunyň Çekilmegi Hakyndaky Taslamany Tassyklady

Wiýetnamyň Parlamenti ýurduň esasy port şäherinden Hytaý serhedine çenli uzap gidýän gymmaty 8 milliard dollara barabar bolan demir ýolunyň çekilmegi hakyndaky meýilnamany tassyklady.

Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini we söwda gatnawyny ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

Parlamentiň bu karary Pekiniň ABŞ bilen resmi Hanoýyň arasyndaky gatnaşyklary deňagramlaşdyrmaga çalyşýan döwründe Prezident Si Szinpiniň Wiýetnama guran saparyndan bir ýyl soň kabul edildi.

Täze demir ýol ugry Wiýetnamyň esasy önümçilik merkezlerinden biri bolan “Samsung”, “Faxjonn”, “Pegatron” we beýleki global kompaniýalaryň ýerleşýän sebitinden geçer.

Şol kompaniýalaryň esasy bölegi Hytaýdan yzgiderli emjam üpjünçiligine tabynlykda işleýär.

Ýene degişli makalalar

Baýden Putin Ukrainadan Çekilýänçä Çaknyşyklaryň Bes Edilmejekdigini Aýtdy
Hytaýda 6 Aý Soň Kovid-19 Sebäpli Adam Pidasy Çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar