
Hytaýly gurluşykçylar birbada dinozawrlaryň üç sany ýumurtgasynyň üstünden bardylar, tötänden ele salnan tapyndy sebäpli gurluşyk işlerini togtatmaly boldy diýip, MIR 24 ýazýar.
Gurluşyk meýdançasyna ýerli muzeýiň işgärleri geldi, olar tapyndynyň 80-90 million ýyl ýaşynyň bardygyny tassykladylar.
Bu ýurduň demirgazygyndaky Szýansi ülkesinde ele salnan dinozawrlaryň ilkinji ýumurtgalarydyr, olar 145 million ýyl mundan öň başlanan hem-de 66 million ýyl öň tamamlanan irki we irki-giçki hek döwrüne degişlidir. Ýumurtgalar süýrümtil görnüşde bolup, ýeterlik derejede oňat saklanypdyr.
Häzir barlag işleri dowam edýär, soňrak daş-ýumurtgalar jemagata görkezmek üçin sergilener.