Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady

Hytaýda bir aýyň dowamynda ilkinji gezek ýurduň içinde ýekeje-de koronawirus hadysasy hasaba alynmady

Hytaý häkimiýetleri 20-nji iýuldan bäri ilkinji gezek ýurduň çäginde koronawirus bilen kesellemegiň birje ýagdaýyny hem hasaba almadylar. Bu barada HHR-iň Arassaçylyk we saglygy goraýyş meseleleri boýunça Döwlet komitetiniň duşenbe güni neşir edilen beýannamasynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Resminamada görkezilişi ýaly, geçen bir gije-gündizde 21 täze kesel ýagdaýy hasaba alyndy, kesellänleriň ählisi daşary ýurtlardan geldi. Bäş ýagdaý Guandun welaýatynda, dördüsi Şanhaýda, üç ýagdaý Týanszinde we Ýunnan welaýatynda, ikisi Pekinde, bir ýagdaý Şansi, Çžeszýan, Henan we Syçuan welaýatlarynda ýüze çykaryldy.

Häzirki wagtda HHR-iň lukmançylyk edaralarynda 1695 adam bejergi alýar, olaryň 23-si agyr ýagdaýda. Pandemiýa başlany bäri Hytaýda jemi 94,6 müňden gowrak kesel hadysasy ýüze çykaryldy, 4,6 müňden gowrak adam ýogaldy, 88,3 müňden gowrak adam sagaldy.

20-nji iýulda içerki kesel ýagdaýlary Hytaýyň Nankin şäherinde (gündogar Szýansu welaýaty) hasaba alyndy. Soňra kesel HHR-iň beýleki sebitlerine-de ýaýrady. Umuman alanyňda, bir aýyň dowamynda ýurtda 1,2 müňden gowrak kesel hadysasy ýüze çykaryldy, kesellänlerden ýogalan bolmady.

15-nji dekabrda Hytaýda ilkinji nobatda durýan ilat toparynyň sanjymy başlandy. Duşenbe günündäki ýagdaý boýunça, ýurtda 1,94 milliarddan gowrak sanjym edildi.

Ýene degişli makalalar

Pekinde çabgalar sebäpli 31 müňden gowrak adam göçürildi
04.07.2019 | Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýaşaýjylary türkmen jigitleriniň sungaty bilen tanyşýarlar
Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyşy boldy
Türkmen uniwersitetleri CLEC bilen hytaý dilini öwredýän mugallymlary taýýarlamak barada ylalaşyk baglaşdy