Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar

Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar

Soňky 13 ýylda ilkinji gezek taikonawtlar (Hytaýda kosmonawtlar şeýle atlandyrylýarlar) kosmosa çykdylar. Bu barada msn.com habar berdi.

Muny Hytaýyň orbital stansiýasynyň ekipažynyň agzalary Liu Boming we Tang Hongbo amala aşyrdylar.Modulda jemi üç sany taýkonawt bar.Kosmos gämisiniň daşyndaky işlerde iki adam işledi we ekipažyň serkerdesi Ne Haýşeng stansiýanyň içindäki kömekçi işler bilen meşgullandy diýip, çeşme belleýär. Ýatlap geçsek, 17-nji iýunda Hytaý "Şençžou-12" kosmos gämisi arkaly daşaýjy raketany uçurdy.

Gämi Hytaýyň "Týangun" orbital stansiýasynda uçdy.Ekipažyň sentýabr aýynda Ýere gaýdyp gelmegine garaşylýar.Taýkonawtlaryň biri Lýu Bomingiň eýýäm 2008-nji ýylda kosmosa uçup, Hytaýyň ilkinji gezek kosmos giňişligine çykyşyna gatnaşandygyny bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 131 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 138 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 141 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gonamçylygy Bombalady
Ysraýyl 152 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 154 Günden Bäri Gazany Bombalaýar