Hytaýda Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Hytaýda Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Hytaýda, adaty aý kalendaryna görä, täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky hepdede, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 12 müň 658 adam ýogaldy.

Hassalyga garşy göreş we öňüni alyş merkezinden berlen beýannama görä, ýanwar aýynyň 13-19-y aralygynda Kowid-19 sebäpli 12 müň 658 adam ýogaldy.

Ýurtda täze görnüş koronawirusa garşy girizilen çäklendirmeler 2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda bes edilipdi.

2022-nji ýylyň 8-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli epidemiýa sebäpli jemi 59 müň 938 adam ýogaldy.

Ýurtda epidemiýanyň başyndan bäri ýogalanlaryň sany 72 müň 596 adama ýetdi.

Hytaýyň däp-dessurlaryna görä, täze aý ýylyny maşgalalary bilen birlikde geçirilmegi diýseň möhüm. Täze ýyly hem öz içine alýan “Bahar baýramy” döwründe millionlarça adam, hossarlaryny görmek üçin başga şäherlere gidýär. “Çunýün” ady berlen Bahar ýolagçylyklary, “dünýäniň iň uly köpçülikleýin göçü” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ulaglar ministrligi, şu ýyl ýanwar aýynyň 7-i bilen fewral aýynyň 15-i aralygyny öz içine alýan 40 günlük dynç alyş döwründe 2,1 milliard adamyň syýahat etmegine garaşylýandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
50-ä golaý türkmen raýaty Türkiýeden deport edildi
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Aşgabadyň Migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobaty döredi
Hindistanda Koronawirus Sebäpli Maska Geýinmek Düzgüni Girizildi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi