Hytaýda mundan 12 ýyl öň ýiten oglanjyk maşgalasyna gaýdyp geldi

Hytaýda mundan 12 ýyl öň ýiten oglanjyk maşgalasyna gaýdyp geldi

Hytaýda mundan 12 ýyl öň dereksiz ýiten hasaplanýan ýetginjek öz ene-atasynyň ulagynyň astyna düşüp, ýene maşgalasyna gaýdyp geldi diýip, Thaiger neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Habara görä, çaganyň maşgalasyna gowuşmagyna getiren ýol-ulag hadysasy ýurduň Guandun ülkesiniň Foşan şäherinde boldy. Ýetginjek öz hakyky ene-atasynyň ulagynyň aşagyna düşüp, tas heläk bolupdy. Ol köçede el serip dilegçilik edýärkä, är-aýal onuň ulagyň alkymyna gelenini birbada duýmandyrlar. Haçan-da olar ulagdan düşenlerinde, ulagyň aşagyna düşen çaganyň mundan 12 ýyl öň ýiten ogullaryna gaty meňzeşdigini görüpdirler.

Olar ýetginjegi hassahana äkidipdirler, şol wagt kakasy onuň saçynyň birnäçe taryny alypdyr we aýalyna duýdurman, genetika barlagyna ýollapdyr.

Tizara ol hassahanadan barlagyň netijesini alyp, aýalyna öz ogullarynyň tapylandygyny buşlapdyr, görlüp oturylsa, çaga olaryň bir wagt ýitiren ogullary bolup çykypdyr.

Çaga üç ýaşyndaka dostlary bilen oýnamak üçin köçä çykyp, gürüm-jürüm bolupdyr.

Ol ene-atasyna köp horluklary başdan geçirendigini, zibilhanalarda taşlanan iýmit galyndylaryndan garnyny doýrup gün görendigini gürrüň beripdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar
Tomusky dynç alşyň başlanmagy bilen, bazarlarda gazanç we dilegçilik edýän çagalar köpeldi
Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy
Ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy
Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi