Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy

Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Guankoý şäherinde “Türk kofesi” tanyşdyryldy.

Türkiýe Respubliklasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasibetli medeni çäreler geçirilýär.

Medeni çäreleriň çäginde 5-nji dekabr Bütindünýä Türk kofesiniň güni mynasibetli türk kofesi tanyşdyryldy.

Çärede türk kofesiniň taryhy we türk kofe medeniýeti gürrüň berildi.

Türkiýäniň Guankoýdaky Başkonsullygyndan Neslihan Kul, türkleriň dünýäniň kofe medeniýetine goşan goşandygyny gürrüň berdi.

Kofeniň Ýemenden Ýewropa tarap uzap gidýän ýolagçylygy barada gürrüň beren Kul, kofe medeniýetiniň Anadolynyň halkynda gündelik durmuşda eýeleýän orny we ähmiýeti barada durup geçdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady
Saglygym baýlygym
Stambul Kofe festiwaly 7-nji oktýabrda başlar