Saglygym baýlygym

Saglygym baýlygym

Gepleşigimiziň bu sanynda kelle agyrysy üçin tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Ýarawsyzlyklardan biri hökmünde ýygy-ýygydan başdan geçirilýän kelle agyrysy adamlaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. Dürli görnüşlerde bolan kelle agyrysy birnäç sagat ýa-da birnäçe gün dowam edýär.

Biziň size tebigy bejergi maslahatlarymyz bolsa şulardan ybarat:

Gönüden ysgamak, difýuzora 2 damja salym odany howalandyrmak, salfetma iki damja damdyryp, ysgamak peýdaly bolar.

Lukmançylyk pudagynda ulanylýan narpyz ýagynyň rahatlandyryjy täsiri bilen ýokary gan basynjy we dartgynlyk sebäpli ýüze çykýan kelle agyrylarynda rahatlandyryjy bejergi usuly hökmünde peýdalanylýar.

Beezil ýagy musguly ýumşadyjy häsýete eýedir. Kelle agyrysyna we ejizlän myşsalara peýdalydyr.

Keten tohumy omega 3 taýdan baý bolmagy sebäpli kelle agyrysyny azaldyjy täsiri bar.

Kofe we çaý hem kelle agyrysyny azaltmak üçin içilýär. Kofeniň düzümindäki kafein kelle agyrysyny azaldýar. Bir käse türk kofesi ýa-da çaý içmek agyryny aýyryjy täsiri netijesinde peýdaly bolýar. Emma ýene-de artykmaç sarp edilmeli däl.

Eliň we süýem barmaklarynyň arasyndaky nokadyna beýleki el bilen basyş edilen halatynda kelle agyrysynyň aýrylmagyna peýdaly bolýar.

Eger kelle agyrysy gripp ýa-da sinusit bilen bagly bolsa, ýyly howa burun kanallaryny açmaga hem paýdaly bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy
“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady
Stambul Kofe festiwaly 7-nji oktýabrda başlar